Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew ― Türkmenistanda «2021-nji ýylyň iň ökde tälimçisi»

13:4210.01.2022
0
5628
Ýazguly Hojageldiýew ― Türkmenistanda «2021-nji ýylyň iň ökde tälimçisi»

Aşgabadyň «Altyn asyr» futol toparynyň baş tälimçisi geçen ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanda iň gowy futbol tälimçisi diýlip yglan edildi. Bu derejede oňa Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesinde berildi. Ses bermäge ýurdumyzyň görnükli futbol hünärmenleri we sport žurnalistleri gatnaşdylar.

45 ýaşly tälimçi geçen ýyl «Altyn asyr» bilen Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna eýe boldy we ýurdumyzyň çempiony boldy. Şeýle hem topar AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etdi.

Ýazguly Hojageldiýew Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky ýarym goragçysydyr. Ol «Büzmeýin», «Dagdan», «Köpetdag» ýaly toparlarda futbol oýnady we birnäçe gezek ýurdumyzyň çempiony bolup, kuboklary gazandy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 2018-nji ýylda AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýetendigini hem ýatladýarys. Onuň ýolbaşçylygyndaky «Altyn asyr» futbol topary 2014 ― 2021-nji ýyllar aralygynda bassyr sekiz gezek ýurdumyzyň çempiony bolup, 2015, 2016, 2019, 2020-nji ýyllarda dört gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. Şeýle hem «Altyn asyr» 2015-nji ýyldan bäri ähli möwsümlerde (bassyr ýedi gezek) ýurdumyzyň Naýbaşy kubogynyň eýesi bolmagy başardy.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälimçilik eden ýyllarynda Türkmensitanyň futbol ýygyndysynyň hem üstünlikli çykyş edendigini ýatlatmak isleýäris. Onuň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyz 2012-nji ýylda AFK-nyň Çagyryş kubogynyň final duşuşygyna çenli baryp ýetdi. 2019-njy ýylda bolsa türkmen futbolçylary 15 ýyllyk arakesmeden soňra Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň