«Zemmhome» dükany ýokary hilli öý-hojalyk önümlerini hödürleýär

12:2325.12.2021
0
10148

Änew şäheriniň merkezinde ýaňy-ýakynda täze açylan «Zemmhome» dükany sizi dünýäniň öňdebaryjy haryt nyşanlarynyň ýokary hilli öý-hojalyk önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

«Zemmhome» dükany müşderilerine ýokary hilli dokma önümlerini – ýorgan-ýassyklary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, enjamda dokalan haly önümlerini we el halylaryny, öý gülleri üçin niýetlenilen küýzeleri, elde çekilen suratlary,(картина – çekme surat), dürli görnüşdäki mebelleri, şeýle hem berk we owadan gap-gaçlary hödürleýär.

«Zemmhome» dükanynda hödürlenýän harytlar dürli görnüşli agaçlar, metallar, matalar ýaly gymmat bahaly tebigy önümlerden öndürilen önümlerdir.

«Zemmhome» dükanynyň öý-hojalyk önümleri her bir içerä şeýle bir üýtgeşik gelşik berip, otagda özboluşlylygy bilen tapawutlanýan ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

«Zemmhome» dükanynyň salgysy: Ahal welaýaty, Änew şäheri, 27/1.

«Zemmhome» dükanynyň telefon belgisi: 50 10 34, 800 137 45 5 42.

«Zemmhome» dükanynyň iş wagty: sagat 10:00-dan 20:00-a çenli.

Şeýle hem, «Zemmhome» dükanynyň köpsanly harytlarynyň dürli görnüşleri bilen «Zemmhome.com» web sahypasyna girip, tanyşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň