Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijileri belli boldy

21:0014.12.2021
0
989

Şu gün — 14-nji dekabrda Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde baýramçylyk konserti boldy.

Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti tarapyndan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda guralan «Nebitgaz — baýlygym hazyna-genjim, Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym» atly iň gowy ýazylan makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri hem yglan edilip, olara baýraklar gowşuryldy.

Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, «Nebit-gaz» gazetiniň jogapkär kätibi Atageldi Seýidow, şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy Nazarmuhammet Nazargulyýew birinji, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri Serdarmuhammet Izimow, «Nebit-gaz» gazetiniň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Mämmetgylyç Kütiýew bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň uly mugallymy Sona Islamowa ikinji, «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofizika gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmeni Wepa Hanow, «Türkmengaz» DK-nyň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa , şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyby Begli Begliýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Mundan başga-da baýramçylyk dabarasynyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de «Nebit-gaz» gazeti tarapyndan 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda «Türkmenistan – parahat ösüşleriň mekany, Dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy» atly iň gowy ýazylan makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgudyr hekaýalaryň bäsleşiginiň hem ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Bu bäsleşikde Nebit-gaz» gazetiniň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy Dädebaý Nartyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň başlygy Nurmyrat Akmyradow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Ejekeýik Kurbanberdiýewa birinji orna, TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nasos desgalarynyň maşinisti Aýterek Annamyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy Arazgül Annaýewa, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi Şyhyýewa ikinji orna, şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Arslan Annamyradow, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabat şäherindäki 7-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory Baýmyrat Balakaýew bilen «Nebit-gaz» gazetiniň foto habarçysy Arslan Müllikow dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň