Turkmenportal logo
09.12.21
24542454
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýada dünýäde iň uly Täze ýyl arçasy yşyklaryny ýakdy

Italiýada 7-nji dekabrda dünýäde iň beýik Täze ýyl arçasy öz yşyklaryny ýakdy. Ol ýurduň Umbriýa ülkesiniň Gubbio atly köne şäherine garap, Monte-Injino dagynyň eňňidinde seleňläp otyr. Bu barada Wanted in Rome portaly ýazýar.


Täze ýyl arçasyny 1981-nji ýyldan bäri her ýyl bezemek däbi bar, bu gezekki tutum ýurduň teleýaýlymlarynda 7-nji dekabrda görkezildi.


Arça ullakan ýyldyz bilen bezelip, beýikligi 750 metrdir, ol 1991-nji ýylda Ginnesiň täsinlikler kitabyndan orun aldy, onuň bezeginde ulanylýan elektrik simleriniň umumy uzynlygy 8,5 kilometre ýetýär.


Arçanyň bezeg yşyklary ýerli ýaşaýjylaryň öz merhum ata-babalarynyň ruhlaryna doga-dileglerini aňladýar.


Arçanyň öz nyrhy bu ýyl 2020-nji ýyldakydan 7 göterim gymmat düşüpdir.