Turkmenportal logo
05.12.21
1749517495
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Stefano Ricci» Türkmenistanda ilkinji dükanyny açar
«Stefano Ricci» Türkmenistanda ilkinji dükanyny açar

Dünýä belli döwrebap erkek egin-eşiklerini öndürýän «Stefano Ricci» brendiniň Türkmenistandaky ilkinji dükany geljek 2022-nji ýylda Aşgabatda açylar. Bu barada 24 ORE habarlar gullugy habar berýär.


«Stefano Ricci» brendi gymmatbahaly ýokary hilli egin-eşikleri we köwüşleri öndürýär.


Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şeýle-de italýan brendiniň Bişkekde (Gyrgyzystan), Kuala-Lumpurda (Malaýziýa), Odessede (Ukraina) hem-de Bagkokda (Taýland) kiçi brend dükanlaryny açjakdygy aýdylýar.


«Stefano Ricci-niň» ýolbaşçysy öz brendini 1972-nji ýylda Florensiýada esaslandyrypdyr. Häzirki wagtda bu brendiň Ýer ýüzünde 60-dan gowrak düknalary bar.


«Stefano Ricci» brendiniň nyşany bürgüt hasaplanýar. Bu şekile eşikleriň logotipinde hem-de dükanlaryň interýerinde duşmak bolýar.