Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy

23:5827.11.2021
0
12809

27-nji noýabrda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, dürli ugurlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeňleşdirilýändigini bellediler.

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine, okgunly häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, maýa goýum işleriniň höweslendirilmegine ýardam bermegi ugur edinýändiklerini tassykladylar.

Iki ýurduň Liderleri ulag-üstaşyr ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýtdylar. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berlen hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň umumy tagallalaryň üstünlikli birleşdirilmeginiň aýdyň mysallarynyň biridir.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi dostlukly goňşy ýurtlaryň we halklaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwlet bähbitlerine doly kybap gelýän oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammitiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtadylar.

Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlanandan soň, Eýran Yslan Respublikasynyň Prezidenti özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň