Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Tam Bazary» onlaýn söwda meýdançasy täze hyzmatdaşlary bilen tanyşdyrýar

09:1128.11.2021
0
4112

«Ak Tam Bazary» onlaýn söwda meýdançasy özüniň täze hyzmatdaşlary – «Ondogan» hususy kärhanasy, @baharay_perdeler_official perdeler dükany, «Çistýulýa» atly himiki usul bilen arassalama hyzmatlary sehi we olaryň işleri bilen tanyşdyrýar.

1. Merkezi edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ondogan» hususy kärhanasy häzirki wagtda Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda-senagat kompaniýalarynyň biri hasaplanylýar. Bu hususy kärhana esaslandyrylan gününden başlap, ekologiýa taýdan kepillenen we adam saglygyna peýdaly dürli oba hojalyk önümlerini daşary ýurt sarp edijilerine eksporta, içerki bazara bolsa lomaý satuwa çykarýar. Häzirki wagtda «Ondogan» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän 300 gektar ýerinde bakja önümleri we sitrus miwelerini ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

«Ondogan» hususy kärhanasynyň aragatnaşyk maglumatlary:

• Whatsapp: +99365727215;
• Тelefon belgi: +99365727214;
• Instagram sahypasy: @ondogan_hk
• Elektron poçta salgysy: ondogan@mail.ru

2. @Baharay_perdeler_official perdeler dükany amatly bahadan ýokary hilli «Lonely» perdelerini hödürleýär. Bu dükan ähli önümlerini Türkiýeden import edýär. Perdeleri dizaýn etmek, tikmek we oturtmak ýaly hyzmatlary hem hödürlenýär. @Baharay_perdeler_official perdeler dükany bilen habarlaşmaklyk üçin telefon belgiler: 725162, +99365320326, +99365654948.

3. «Çistýulýa» atly himiki usul bilen arassama hyzmatlary sehi şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

• Himiki usul bilen haly arassalama we haly boýama hyzmatlary – müşderi bu hyzmaty halysyny sehe getirip ýa-da sehiň işgärlerini öýüne çagyryp sargyt edip biler;
• Himiki usul bilen mebelleri, düşekleri, oturgyçlary, diwanlary arassalama hyzmatlary – bu hyzmat müşderiniň öýünde ýa-da ofisinde amal edilýär;
• Perdeleri ýuwma, týullary, perdeleri, lambrekenleri (ламбрекен – gapylarda haşamlanyp edilýän nagyş, surat) agartmak hyzmaty: Bu hyzmat perdeleri ýerinden aýyrmak, gurmak, eltip berme ýaly hyzmatlaryny hem öz içine alýar;
• Ýorgan-düşekleri, körpeçeleri, geýimleri, ýelek düşekçeleri ýuwmak hyzmaty. Ýuwmak hyzmaty ütüklemek, bug bilen arassalamak, täze mata daşlyk tutmak we eltip berme ýaly hyzmatlary öz içine alýar;
• Ýelek ýassyklary dikeltme we arassalama hyzmaty;
• Jalýuzylaryň (жалюзи – ýuka tagtajyklardan ýasalan penjire perdesi) ähli görnüşlerini arasalamak hyzmaty;
• Jaýlary bug generatorlary (парогенератор) dezinfeksiýa (дезинфекция – ýokançsyzlandyrma, ýokanç mikroblary ýörite serişdeler bilen ýok etmek) etmek hyzmaty;
• Islendik çylşyrymly jaýlary umumy arassalamak hyzmaty; Gülçyralary, penjireleri, hammamlary, aşhanalary aýry-aýrylykda ýuwmagy sargyt edip bilersiňiz.

«Çistýulýa» atly himiki usul bilen arassama hyzmatlary sehi habarlaşmaklyk üçin telefon belgiler: +99365501713; +99363586475.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň