Soňky habarlar

Arhiw

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ täze resmi web saýtyny tanyşdyrdy

19:0619.11.2021
0
22761
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ täze resmi web saýtyny tanyşdyrdy

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti sanly platformalary täzelemegiň çäklerinde täzelenen resmi web sahypasyny tanyşdyrdy.

Bu üýtgeşmeler interfeýsiň dizaýny bilen baglanyşykly. Sahypanyň ähli bölümleri maglumatlary görkezmek üçin birmeňzeş standartlara laýyklykda gurnalypdyr. Saýtyň beýleki ähli serwisleri öňki tertipde işleýär.

Ýatlatsak, AŞTU-nyň resmi sahypasynda her bir abonentiň “Şahsy otaga” girip, internetiň, şäheriçi telefonyň, IPTV-niň balansyny görmek mümkinçiligi bardyr. Şeýle hem bu hyzmatlar üçin bank kartlary arkaly onlaýn töleg tölemek mümkindir. Saýtyň esasy sahypasynda “Altyn Asyr”, “MasterCard” we “VISA” töleg ulgamynyň bank kartalaryny ulanyp, şahsy hasabyň balansyny doldurmak üçin widjet hem ýerleşdirilen.

Resmi web saýtyň ykjam we desktop enjamlary üçin niýetlenen görnüşlerine hem üýtgetmeler girizildi. Netijede, indi resmi saýt ykjam enjamlarda has tiz işlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň