Turkmenportal logo
12.11.21
11631163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2021: 1-nji tapgyryň «Köpetdag» ― «Aşgabat» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

«Köpetdag» – «Aşgabat» – 2:2


Gollar: 18 Ýazgylyç Gurbanow, 75 Yhlas Saparmämmedow – 74 Gurbannyýaz Sähedow (11 m.j.u.), 90+1 Döwran Hojamämmedow.


«Aşgabat» bäşinji orna düşdi: Bu deňlikden soň utugyny 5-e çykaran «Aşgabat» ýaryş tertibinde hem bäşinji orna düşdi.


«Köpetdagda» ýene deňlik: «Köpetdag» möwsümde geçiren bäş duşuşygynyň dördüsinde deňme-deň oýnady.


1-nji tapgyr ― iň golly tapgyr: Tapgyryň duşuşyklarynda derwezelere dört pökgi geçirildi.


Gurbanow ― ikinjilige şärik: «Köpetdagda» 14-nji pökgüsini geçiren Ýazgylyç Gurbanow toparda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň arasynda Berdi Hotdyýew we Döwlet Seýitmuhammedow bilen ikinji orny paýlaşýar.