«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň baş direktory Elon Mask taryhda baýlygy ABŞ-nyň 300 milliard dollaryna ýeten ilkinji adam boldy. Bu barada «Forbes» neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, «Biznes Reklama» gazeti 8-nji noýabrdaky sanynda habar berdi.
«Biznes Reklama» gazeti 8-nji noýabrdaky sanynda habar bermegine görä, amerikaly işewür Elon Maskyň baýlygy geçen hepde 7,72 göterim (ABŞ-nyň 22,6 milliard dollary) ýokarlanyp, ABŞ-nyň 315,2 milliard dollaryna barabar boldy.
Geçen hepde milliarderiň «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalary ABŞ-nyň 1154,49 dollaryna barabar boldy. Bu görkezijä «Tesla» awtoulaglaryny kärendesine berýän «Hertz» kompaniýasyna 100 müň elektrokar satmakçydygy barada habar peýda bolandan soň eýe boldy. Häzirki wagtda «Tesla» kompaniýasynyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 1 trillion dollaryndan geçdi. Sanawyň ikinji ornuny ABŞ-nyň 193,2 milliard dollary bilen «Amazon» kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezos eýeledi. Ilkinji üçlügi bolsa ABŞ-nyň 190,8 milliard dollary bilen, Bernar Arno jemledi.
