Soňky habarlar

Arhiw

Sidneý uniwersitetinde ekrançylykda ulanmaklyk üçin niýetlenilen «Ladybird» roboty döredildi

10:1301.11.2021
0
614

Ekerançylykda ulanylmaga niýetlenilen «Ladybird» atly täze robot Sidneý uniwersitetiniň professory Salah Sukkari tarapyndan döredildi. Bu barada «Bereketli toprak» gazetinde habar berilýär.

«Ladybird» roboty ekine gözegçilik etmek bilen bir hatarda tehniki kartalary düzmek işinde hem adamlara kömekçi bolup bilýär. Ösümlikleriň ösüşine we olara zyýan beriji mör-möjeklere gözegçilik etmek üçin bu robota birnäçe gurallar we Gün panelleri ýerleşdirilipdir. «Ladybird» roboty meýdan-synag işlerinde elektrik energiýasy bilen üpjün edilmezden üç günüň dowamynda işläp biljekdigini görkezdi. Bu robotda meýdandaky haşal otlary aýyrmak üçin mehaniki gol hem oturdylypdyr. Professor öz oýlap tapan roboty arkaly geljekde ekinleriň hasylyny ýygnamaklygy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň