«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täze pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurduň halk hojalygynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen yglan edilen «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslama bäsleşigi dowam edýär.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarydyr talyplary bar. Häzirki güne çenli bäsleşige gatnaşyjylaryň sany 250-ä ýetdi.
Bäsleşik şu aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:
— saglygy goraýyş;
— ylym we bilim;
— senagat;
— ulag we kommunikasiýa;
— hyzmatlar ulgamy;
— orta we kiçi telekeçilik;
— akylly şäher.
Bäsleşigiň ýeňijileri 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Türkmentel — 2021» XIII halkara serginiň we maslahatynyň dowamynda yglan ediler.