Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda energetika diplomatiýasyna bagyşlanan onlaýn maslahat geçirildi

15:4526.10.2021
0
4863

Energetika diplomatiýasynyň strategiýalaryny işläp taýýarlamakda we ilerletmekde öňdebaryjy halkara tejribesi – 2021-nji ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-nyň guran onlaýn-seminarynyň üns merkezinde boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Seminara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasyndan halkara bilermenleriniň ikisi energetika pudagynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar, ählumumy we sebit ýörelgelerine seljerme berdiler hem-de halkara energetika howpsuzlygy bilen nebit-gaz pudagynda durnukly ösüşiň arabaglanşygyny beýan etdiler.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregori mejlisi açyp: «Energetika diplomatiýasy – häzirki zaman diplomatiýasynyň iň täze funksional ugrydyr. Soňky ýyllarda energetika pudagynda onuň ähmiýeti artýar we döwletleriň syýasy hem-de ykdysady bähbitlerini öňe sürmegiň guraly bolup hyzmat edýär.

Hut şonuň üçinem energetika howpsuzlygy ählumumy we milli syýasatyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup, oňyn döwletara gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy talap edýär», diýdi.

Çäre ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen energetika howpsuzlygy babatda ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň dowamy bolup, ol 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň we ony durmuşa geçirmegiň bir bölegi bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň