Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandy

21:0625.10.2021
0
5044

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň döwlet baýragy bolan «Bitaraplyk» ordeni 1998-nji ýylyň 17-nji dekabryna döredilen. Bu döwlet sylagy Türkmenistanyň we daşary ýurt raýatlaryna berilýär.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe «Bitaraplyk» ordeni Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutulyp berildi.

«Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň döwlet býujetinden iň pes aýlyk hakynyň 15 essesine deň bolan bir gezeklik höweslendiriji we iň pes aýlyk hakynyň 15 göterim möçberinde aýlyk, pensiýa, şeýle-de talyp haklary üçin aýlyk goşmaça töleg tölenýär. Bu döwlet sylagy bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan beýleki ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň