Gazagystanyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar

21:1922.10.2021
0
1308

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 24-25-nji oktýabrda Türkmenistanda döwlet saparynda bolar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu gün – 22-nji okýabrda geçirilen mejlsiniň barşynda habar berildi.

Habar berlişi ýaly, bu saparyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň barşynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

«Türkmenportal-yň» ozal habar berşi ýaly, 12-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda wise-premýer gazak Liderine hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygyny gowşurdy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti ýakyn wagtda Aşgabat şäherine sapar bilen barmaga taýýardygyny tassyklady we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryna hil taýdan itergi berjekdigini nygtady. Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrjakdygy barada şu ýylyň awgust aýynda Awazada türkmen Lideri bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem belläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň