Soňky habarlar

Arhiw

“Kalmar oýunlary” üçin 900 million dollar girdeji alar

12:5321.10.2021
0
1285

Internetdäki “Netflix” kino görkeziliş platformasy “Kalmar oýunlary” ("Squid Game") serialy üçin 900 million amerikan dollary möçberinde girdeji alar, bu barada “Blumberg” ýazýar.

“Netflix” striming hyzmat gullugy dokuz bölümden ybarat serial üçin önümçilikçä 21,4 million dollar töledi, filmiň ilkinji görkezilişi mundan bir aý töweregi wagt öň boldy. Indi kompaniýa serialdan 40 esse köp girdejä garaşýar, ol tas 900 million dollara deň bolar. Serial serwisde görkezilip başlandan bäri onuň paýnamalary 7 göterim gymmatlady.

“Blumbergiň” hasabatyna görä, 17-nji sentýabrdan bäri “Kalmar oýunlaryna” “Netflix” platformasynda ulanyjylar 1,4 millard sagatlyk wagt bilen tomaşa etdiler.

Häzirki wagtda “Kalmar oýunlary” serialy “Netflixde” dünýäniň 94 ýurdunda iň köp tomaşa edilýän filmleriň ilkinji 10-lugynyň başyny çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň