Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň üçünji tapgyry başlandy

09:2906.10.2021
0
12052

Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň üçünji tapgyry başlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bu taryhy we medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň çäginde, Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Daýahatyn gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrunda saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri ABŞ-nyň Ilçisiniň Medeni mirasy gorap saklamak gaznasynyň maliýe goldawy bilen bu taryhy ýadygärlikde dikeldiş işleriniň üçünji tapgyryna başladylar.

Üçünji tapgyrda kerpiç nagşy we epigrafiýa bilen bezelen esasy ýüzüni dikeltmek boýunça işler alnyp barlar. Hut şu ýerde esasy derwezäniň iki tarapynda-da «kufi» hatynda arapça ýazgylar ýazylypdyr.

Iň oňat netijäni gazanmak üçin, müdirligiň işgärleri tarapyndan arhiw suratlaryny saýlamak ugrunda irginsiz iş alnyp baryldy, netijede 3D formatda dikeldiş modeli döredildi.

Häzir ölçegleri we hasaplamalary öz içine alýan birnäçe taýýarlyk işleri dowam edýär. Ýeri gelende aýtsak, dikeldiş işlerinde ulanylýan kerpiç gadymy ussalaryň tehnologiýalaryny ulanmak bilen, tebigy serişdelerden peýdalanyp, asyl nusgasyna görä guýulýar.

Ýadygärligi goramak ulgamynda işleýän ýurdumyzyň binagärler we dikeldiş ussalardan ybarat topar eýýäm dikeldiş işleriniň iki basgançagyny amala aşyrdy, olaryň soňkusy 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlandy. Birinji tapgyrda daşardan we içerden portal (kerwensaraýyň esasy girelgesi) we günorta tarapdaky howlynyň arka bir bölegi dikeldildi. Ikinji tapgyryň dowamynda çep ganatyň dikeldiş işleri derwezeli galereýanyň demirgazyk böleginiň bir bölegini-de öz içine aldy. Şol döwürde arheologik gözlegler alnyp baryldy we arhiw materiallary işjeň ulanyldy. Alnan netijelere esaslanyp, binanyň agramyny göterýän diwarlaryň zeper ýeten bölekleri berkidildi we täzeden guruldy, şeýle hem galereýanyň ýüzündäki bezeg örümleri dikeldildi.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan geçirilen dikeldiş işleriniň netijesinde, bu taryhy we medeni ýadygärlik geljekki nesillere asyl gurluşyna ýakyn görnüşde ýetirmege mümkinçilik berýär. Amyderýanyň kenaryndaky bu özboluşly orta asyr kerwensaraýy köp ýurtlaryň taryhy söýüjileri üçin uly gyzyklanma döredýär we ýakyn wagtda ol halkara syýahatçylygynyň ugurlarynyň sanawyna giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň