Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasynyň «Трансмашхолдинг» PJ Türkmenistana täze otlylaryň ikisini iberdi

16:2329.09.2021
1
11702

«Трансмашхолдинг» PJ-niň demir ýol ulaglary operatory Türkmenistanyň «Demirýollary» AGPJ-ne ýolagçy we ýük teplowozlaryny ugratdy. Bu barada Russiýanyň kärhanasyna salgylanyp, Russiýanyň «Прайм» ykdysady maglumatlar agentligi habar berýär.

«Demirýollary» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Трансмашхолдинг» PJ-den (ТМХ) ТЭП70БС kysymly ýolagçy we 2ТЭ25КМ kysymly magistral ýük teplowozlaryny satyn aldy. Olar Aşgabat deposyna iberildi» — diýip holdingiň daşary gatnaşyklar we korporatiw kommunikasiýalar boýunça direksiýasynda habar berdiler.

Otlular geçen ýylyň güýzünde baglaşylan şertnamalara laýyklykda iberildi.

Şu kysymly lokomotiwi täze tapgyrdaky wagonlar bilen hem ulanyp bolýar. 2ТЭ25КМ kysymly teplowoz 6,4 müň tonna çenli ýük daşamaga niýetlenendir.

«Трансмашхолдинг» — Russiýanyň demir ýol we şäher ulaglar pudagy üçin ulaglary öndürýän iri kompaniýasydyr. ТМХ-nyň kärhanalary elektrowozlary, teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlaryny şeýle hem elektropoýezd we metro wagonlaryny öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň