Turkmenportal logo
14.09.21
44244424
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropada halkara futbol ýaryşlaryna badalga berilýär
Ýewropada halkara futbol ýaryşlaryna badalga berilýär

Ýewropa futbolynyň guramaçysy UEFA-nyň täze möwsümdäki klub ýaryşlaryna ertir badalga berler. Futbol janköýerleriniň iň söýgüli bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar ligasynda 30-njy möwsümiň (umumylykda 67-nji möwsüm) ilkinji duşuşyklary oýnalar. 8 toparçada 32 klub bolup, ilkinji tapgyryň iň esasy oýunlary hökmünde Barselona-Bawariýa, Inter-Real Madrid, Liwerpul-Milan duşuşyklaryny görkezmek bolar.


Sişenbe günki oýunlarda Aşgabat wagty bilen 21:45-de başlajak duşuşyklarda Ýang Boýz öz meýdançasynda Mançester Ýunaýtedi, Sewilýa bolsa Salsburgy kabul eder. 00:00-da bat aljak oýunlaryň iň esasy-da “E” toparçada Barselona bilen Bawariýanyň arasynda bolar. Iki toparyň soňky özara duşuşygynda geçen ýylyň awgust aýynda nemes kluby güýçli garşydaşyny taryhy hasap bilen 8-2 hasabynda ýeňipdi.


Şeýle-de soňky çempion Çelsi hem öz meýdançasynda Russiýanyň çempiony Zeniti kabul eder. Çempionlar ligasynda çarşenbe güni-de 8 duşuşyk oýnalyp, olardan Inter-Real Madrid, Liwerpul-Milan duşuşyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Geçen ýylda-da bir toparça düşen Inter, Real Madrid, Şahtýor toparlary bu gezek liganyň debýutanty Şeriff bilen güýç synanyşarlar. Geçen möwsümde Inter, Real Madrid, Şahtýor toparlary Borussiýa M kluby bilen duşuşypdy. Real bilen Borussiýa M toparlary ýoluny dowam etdirip, Inter toparçada 4-nji ýeri eýeläpdi. 7 ýyldan soň Çempionlar ligasyna dolanan Milanyň köne garşydaşy Liwerpul bilen geçirjek duşuşygy-da köpleriň üns merkezinde. Iki klub 2005-nji ýylda Çempionlar ligasynyň ýatdan çykmajak finalynda duşuşyp, 3-0 öňe saýlanan Milan penaltileriň soňunda kubogy iňlislere aldyrypdy. 2 ýyldan soň finalda-da Milan 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.


UEFA Çempionlar ligasynda 30-njy möwsümiň çempiony geljek ýylyň 28-nji maýynda Sankt-Peterburgdaky Gazprom Arenada oýnaljak finalda belli bolar.


Galyberse-de, UEFA-nyň täze ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň ilkinji duşuşyklary-da ertir oýnalar. Täze ýaryşyň ilkinji duşuşyklarynda Ysraýylyň Makkabi Haýfa we Makkabi Tel-Awiw toparlary öz meýdançasynda degişlilikde, Feýenoord hem-de Alaşkert toparlary bilen duşuşarlar.


Konferensiýa ligasynyň galan duşuşyklary penşenbe güni oýnalar.


Şeýle-de UEFA Ýewropa Ligasy hem çarşenbe günündäki Spartak Moskwa-Legia Warşawa duşuşygy bilen täze möwsüme badalga alar. Topar sanynyň azaldylmagyndan soň, güýçli klublary, Çempionlar ligasynyň klublaryny özünde jemleýän Ýewropa ligasynyň beýleki duşuşyklary penşenbe güni geçiriler.


UEFA Çempionlar ligasynda 2021/22 möwsüminiň toparçalardaky ilkinji duşuşyklary:


Sişenbe güni (14.09.2021)


Ýang Boýz – Mançester Ýunaýted (21:45)


Sewilýa – Salsburg (21:45)


Barselona – Bawariýa (00:00)


Dinamo K – Benfika (00:00)


Wilýarreal – Atalanta (00:00)


Lill – Wolfsburg (00:00)


Çelsi – Zenit (00:00)


Malmö – Ýuwentus (00:00)


Çarşenbe güni (15.09.2021)


Beşiktaş – Borussiýa D (21:45)


Şerif – Şahtýor D (21:45)


Mançester Siti – Leipsig (00:00)


Klub Brýugge – Pari Sen Žermen (00:00)


Atletiko Madrid – Porto (00:00)


Liwerpul – Milan (00:00)


Sporting – Aýaks (00:00)


Inter – Real Madrid (00:00)