Soňky habarlar

Arhiw

Natiýa Natswlişwili Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

18:4110.08.2021
0
7585

10-njy awgustda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda öz işini tamamlaýan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar 1995-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler. BMGÖM ösüş ulgamynda BMG-niň işjeň edarasy bolmak bilen, ol türkmen tarapyna «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, durnukly oba hojalygy, sanlylaşdyrmak, şeýle-de durmuş goraglylygy ulgamyny gowulandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek bilen bir hatarda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek prosesinde netijeli hünär tejribelerini hödürleýändigi barada aýdyldy. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasy üstünlikli işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Türkmenistanda alyp baran işlerine berlen ýokary baha üçin hem-de öz adyna aýdylan mähirli sözlere we ýagşy arzuwlara hoşallyk bildirmek bilen, hanym Natiýa Natswlişwili netijeli hyzmatdaşlyk we Türkmenistanda BMGÖM-iň işine berlen goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň