Rahat Japarow futbol ýoluny Täjigistanyň çempionatynda dowam etdirer

23:5003.08.2021
0
10650

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarow karýerasyny Täjigistanyň SSKA toparynda dowam eder. Türkmenistanly derwezeçi Duşenbe şäheriniň topary bilen şu möwsümiň soňuna çenli şertnama baglaşdy.

R.Japarowyň 2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň birinji ýarymynda Özbegistanyň birinji ligasynyň wekili “Buhara” toparynyň derwezesini gorandygyny bellemek gerek.

SSKA topary hakynda aýtsak, onda Duşenbe şäheriniň topary şu möwsümiň birinji ýarymynyň jemi boýunça Täjigistanyň Ýokary ligasynda soňky, 10-njy orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň