Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Tam» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Kazanda geçirilen XII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy

16:5203.08.2021
0
3531
«Ak Tam» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Kazanda geçirilen XII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy

«Ak Tam» we «Ak Enar» hojalyk jemgyýetlerini esaslandyryjy, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiň wekili Akbäbek Taganowa «Россия – Исламский мир: KazanSummit 2021» («Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021») atly XII Halkara ykdysady sammitine gatnaşdy. Bu barada kazan.tmconsulate.gov.tm web sahypasynda habar berildi.

28-30-njy iýul aralygynda geçirilen forumyň maksatnamasy diýseň baýdy we diplomatiýany ösdürmek, innowasiýa, yslam ykdysadyýetini maliýeleşdirmek boýunça halkara bilermenlerini we hünärmenlerini, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ýaş wekillerini birleşdirdi.

Sammitiň çäginde köp sanly gatnaşyjylaryň, myhmanlaryň we synçylaryň gatnaşmagynda okuwlar, tegelek stollar, ussatlyk sapaklary, diskussiýa klublary geçirildi.

Sammitiň esasy mowzuklaryna «Saglyk», «Halal durmuş ýörelgesi»», «Yslam maýasy», «Pandemiýadan soňky dünýäniň şertleri, maýa goýumlary we ykdysady ösüşiň geljegi», «Ýaşlary işjeň çekme», «Medeniýetara aragatnaşyk» we başga-da ş.m temalar degişlidir.

Sammitiň sessiýalaryna we iş ýygnaklaryna Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Baş konsullygy gatnaşdy.

Sammitiň çäginde «Kazan modest fashion day» atly moda sergisi, «Проповедник» «Wagyzçy» atly Kazan halkara musulman film festiwalynda ýeňiji bolan filmiň görkezilişi, Tatarystanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Bolgar şäherine we Swiýaj adasyna gezelenç maksatnamasy, Kazana gezelenç ýaly medeni çäreler geçirildi.

Foruma dünýäniň 60 ýurdundan, şeýle hem Russiýanyň 33 sebitinden 2,5 müňden gowrak myhman gatnaşdy.

Mundan öň Türkmenistanyň wekilleriniň «Россия – Исламский мир: KazanSummit 2021» («Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021») atly XII Halkara ykdysady sammitine gatnaşjakdygyny habar berdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň