Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş merkezlerine hem "Tiz kömek" ulaglarynyň 10-syny gowşurdy

23:4521.07.2021
0
10735

Daşoguz welaýatynda iş saparynyň çäklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan türkmen Lideri soňra awtoulagda “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezine bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi.

Bu ýerde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri türkmen Liderini mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň saglygyny goramak we berkitmek barada hemişe alada edýändigini, bu ýörelgeleriň bolsa, döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Türkmen Lideri biz bu maksatlar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys diýip, şol gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek hakynda karara gelendigini aýdyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutany lukmanlar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny degişli halkara talaplara laýyklykda hünärmenler, derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň