Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň gallaçylaryna Gutlag iberdi

10:3723.06.2021
0
2664
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň gallaçylaryna Gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň gallaçylaryna Gutlagyny iberdi. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle diýilýär:

«Hormatly hasyl ussatlary!

Merdana gallaçy babadaýhanlar!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça guşgursak ak bugdaýyň 310 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Lebap welaýatynyň edermen gallaçy babadaýhanlary ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan bu ajaýyp üstünlik welaýatyň kärendeçileriniň, hususy önüm öndürijileriniň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlarynyň, suw hojalyk işgärleriniň hem-de gallaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan alymlaryň we tejribeli oba hojalyk işgärleriniň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmetiniň netijesidir.

Welaýat boýunça ak bugdaýyň bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň gallaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bar. Welaýatyň galla hasylyny öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Köýtendag, Hojambaz, Çärjew we Halaç etraplarynyň gallaçy babadaýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Biz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de önümçilik gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri yzygiderli geçirýäris. Bu işler bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak ugrunda uly möçberde maýa goýum serişdelerini gönükdirýäris.

Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmakdan, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyryp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakdan hem-de eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmakdan ybaratdyr.

Bu ugurda oba zähmetkeşleriniň, şol sanda gallaçy babadaýhanlarymyzyň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle şertleriň döredilmegi babadaýhanlarymyzyň täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, has ýokary sepgitlere ýetmäge, ene toprakdan bol hasyl öndürmäge hem-de halal zähmetiniň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşamaga bolan höwesini has-da artdyrýar.

Hormatly oba zähmetkeşleri!

Siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragyndan bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, gallaçylyk pudagynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda kämil oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen doly üpjün edilmegi, oba hojalyk ekinlerini suwaryş suwy bilen üpjün etmekde hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi oba hojalyk pudagynda ýokary sepgitlere ýetmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Ýerden bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäniň we ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalygynda gazanylýan ýokary netijeler biziň hemmämizi begendirýär. Oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda gallaçylyk pudagynyň ösmegine, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.

Gadyrly hasyl ussatlary!

Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Sizi ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Lebap welaýatynda ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde gazanan bu ajaýyp zähmet ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň