Türkmenistanly hususyýetçiler doňdurmanyň önümçiligini artdyrýarlar

17:1918.06.2021
0
2360

Tomsuň jöwzaly günleri çagalykdan halanylýan ýürek sowadyjy doňdurma isleg artýar. Türkmen telekeçileri bu sowuk süýji tagamyň ençeme görnüşini teklip edýärler. Olar ýurdumyzyň içerki bazarynyň talaplaryny doly kanagatlandyrýarlar hem-de daşary ýurtlara-da önüm iberýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

«Bakjam söwda» kärhanasy Türkmenistanda iri doňdurma öndürijileriň biridir, onuň önümleri söwda nokatlarynda on ýyldan gowrak wagt mundan ozal peýda boldy. «Bakjam» söwda belgili «Ýüpek ýoly», «Dostluk», «Ertekiler dünýäsi», «Alaja», «Jadyly», «Sowgat», «Magma», «Fakel», «Miwe lezzeti», «Maşgala», «Bereket», «Balam», «Sähra» we «Karnet» ýaly doňdurmalara uly isleg bildirilýär. Kärhanada ýerli arassa çig maldan ýewropaly öndürijileriň ýokary tehnologýaly enjamlarynda datly tagam öndürilýär.

«Täze aý» kompaniýasy-da doňdurmanyň 40-a goalý görnüşini çykarýar. Onuň ýokary hilli önümlerine diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşaýjylary-da ýokary baha berdiler. Indi birnäçe ýyl bäri kompaniýa HHR-a iberýän doňdurmasynyň möçberini barha artdyrýar. 2020-nji ýyllda Hytaýyň demirgazyk-gündogar sebitine (Ninbo we Wençžou şäherlerine) ýüzlerçe tonna doňdurma ugradyldy. Şu ýyl ony yzygiderli eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Doňdurma öndürmekde uly tejribe toplan «Paýhas» hususy kärhanasy 26 görnüşli sowuk tagam öndürmek üçin golaýyndaky fermer hojalyklaryndan täze çig mal satyn alýar. Alyjylar «Ýedigen», «Aýly agşam», «Paýhas», «Plombir» we beýleki şokolad örtükli banan, karamel we pisse tagamly doňdurmalary gowy görýärler.

«Erteki» söwda belgili doňdurmalaryň hem dürli görnüşleri alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazandy. Ulular «Kapriz», «Olimp» ýa-da «Plombir» ýaly doňdurmalary halasa, çagalar üçin olaryň «Towşanjyk» we «Telpejik» görnüşleri çykarylýar.

«Salkyn» hususy kärhanasynyň «Garagum», «Köpetdag», «Almaz», «Kornet», «Merw», «Körpe», «Mermer», «Altyn» atly doňdurmalary diňe bir olaryň öndürilýän sebiti Maryda däl, eýsem paýtagtda hem islegli önümlerdir. Miwe, şokolad, hoz, süýt we gaýmak tagamly dürli görnüşli doňdurmalaryň giň görnüşi alyjylara hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň