Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheri boýunça üç sany täze awtobus ugurlary açyldy

17:2412.06.2021
0
50826

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 10-njy iýunyndan başlap, 76-njy “Awtokombinat – Howa mezili”, 102-nji “Awtokombinat – Teke bazar” we 103-nji “Parahat – Howa menzili” täze awtobus ugurlaryny açdy. Bu barada Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

76-njy “Awtokombinat – Howa mezili” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we Atamyrat Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – Nurmuhammet Andalyp köçe – Görogly köçe – Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Nurmuhammet Andalyp köçe – Hojaahmet Ýasawy köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Howa menziline barýar hem-de yzyna Bitarap Türkmenistan şaýoly – Atamyrat Nyýazow şaýoly – Garry Kulyýew köçe – Geldi Bäşiýew köçe – Artyk Jallyýew köçe – Nurmuhammet Andalyp köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – Atamyrat Nyýazow köçe bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

102-nji “Awtokombinat – Teke bazar” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we Atamyrat Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – Bitarp Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – Alyşir Nowaýy köçe – Döwletmämmet Azady köçe – Ata Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna Mahmyt Kaşgary köçe – Döwletmämmet Azady köçe – Atamyrat Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – Alyşir Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen hereket edip , “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

103-nji “Parahat – Howa menzili” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we Alty Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – Alyşir Nowaýy köçe – Görogly köçeleri – Atamyrat Nyýazow şaýoly – Annaly Berdiýew köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Aşgabat Halkara howa menziline barýar hem-de yzyna Bitarap Türkmenistan şaýoly – Annaly Berdiýew köçe – Atamyrat Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – Alyşir Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Alty Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90, 44-33-91.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň