Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy

12:4512.06.2021
0
8767

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde hem-de täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda şu ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2021-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmek we baýraklar bilen sylaglamak bellenildi:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminiň kiçi ylmy işgäri Aýmyrat Saparmyradowiç Kulyýewi (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tehnologiki taslama we önümçilige ornaşdyrmalar bölüminiň 1-nji derejeli inženeri Ogulnar Gurbandurdyýewna Saryýewany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly dolandyryş magistrlik okuwynyň talyby Aýna Bäşimowna Nurmyradowany (1-nji orun — noutbuk);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Röwşen Çarygeldiýewiç Çarygeldiýewi (1-nji orun — noutbuk);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň inçekesel kafedrasynyň kliniki ordinatory Mähri Dörtgulyýewna Berdiýewany (1-nji orun — noutbuk);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Atanur Berdibaýewiç Klyşowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň gurluşyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Pena Muhammetgeldi ogly Çopanowy (1-nji orun — noutbuk);

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Arzuw Rejepbaýewna Bekiýewany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Suraý Bazargeldiýewna Hemraýewany (2-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ykdysady nazaryýet kafedrasynyň mugallymy Eziznazar Bäşinazarowiç Beknazarowy (2-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň öwreniji mugallymy Muhammetguly Begençmyradowiç Kuliýewi (2-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Ahmet Annamyradowiç Ylýasgulyýewi (2-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Şirin Muhammetdurdyýewna Şirliýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Arslan Saparmyradowiç Gulgeldiýewi (3-nji orun — telewizor);

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher bölüminiň ulgamy meýilleşdirmek we ösdürmek bölümçesiniň başlygy Baýmuhammet Gowşutmuhammedowiç Ussaýewi (3-nji orun — telewizor);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň mugallymy Serdar Geldiýewiç Hezilowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň utgaşdyryjy öwreniji mugallymy Ogulnur Çaryýewna Rozyýewany (3-nji orun — telewizor);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň filosofiýa we sosiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Ýazgül Serdarowna Babaýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ykdysadyýet we amaly informatika kafedrasynyň öwreniji mugallymy Maýsa Rahmanowna Çaryýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň umumy tehniki dersler kafedrasynyň öwreniji mugallymy Seýitmuhammet Süleýmanowiç Annabaýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň awtomobil ýollarynyň gurluşygy kafedrasynyň mugallymy Gaýypnazar Begençewiç Ballyýewi (3-nji orun — telewizor);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Parahat Azizjanowna Koldaşowany (3-nji orun — telewizor);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Suraý Nurýagdy gyzy Döwletowany (3-nji orun — telewizor);

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň öwreniji mugallymy Bägül Allamyradowna Aýdogdyýewany (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ilşat Nazarowiç Rozyýewi (3-nji orun — telewizor);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Şyhsoltan Başgulyýewna Süleýmanowany (1-nji orun — noutbuk);

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Näzik Feruddinowna Hudaýberdiýewany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Didar Atajanowiç Mämedowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ogulhan Serdarowna Serdarowany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Salyhberdi Altymuhammedowiç Arnajumaýewi (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Begli Kerimowiç Geldiýewi (1-nji orun — noutbuk);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şatlyk Nurullaýewiç Ilmyradowy (2-nji orun — noutbuk);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Ýakup Abdyrahmanowiç Orunowy (2-nji orun — noutbuk);

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Allanur Rejepmuhammedowiç Töräýewi (2-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gülnar Öwezdurdyýewany (2-nji orun — noutbuk);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Çaryguly Durdymuhammedowiç Hanjaýewi (2-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Altyn Myratgeldiýewna Akmyradowany (2-nji orun — noutbuk);

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbanjemal Rejepgeldiýewna Çaryýewany (2-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Söýenç Aýnazarowiç Ahmedowy (2-nji orun — noutbuk);

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülzada Hojageldiýewna Guldurdyýewany (2-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Maksat Ýazgeldiýewiç Çerkezowy (2-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Daniýorbek Oýbekowiç Tajibaýewi (2-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Yhtyýar Nurgeldiýewiç Ulukowy (2-nji orun — noutbuk);

Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Bäşimowna Bäşimowany (2-nji orun — noutbuk);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gunça Merdanowna Arslanowany (2-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kowus Ahmedowiç Ahmedowy (2-nji orun — noutbuk);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Diýar Yhtyýarowiç Yhtyýarowy (3-nji orun — telewizor);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Hanjar Balkanowiç Nurgeldiýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Laçyn Gurtgeldiýewna Berdimyradowany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jumamyrat Şamyrat ogly Gutlyýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Arslan Amangeldiýewiç Amangeldiýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet maliýe institutynyň hasap we audit fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şöhrat Kakyşewiç Mätiýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Çarygeldi Orazgeldi ogly Myratlyýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäzik Serdar gyzy Bäşimowany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Süleýman Meretmuhammedowiç Ýazberdiýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Jahan Berdimyradowna Joraýewany (3-nji orun — telewizor);

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Güýçmämmet Taganmämmedowiç Baýramowy (3-nji orun — telewizor).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň