Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentine Hankerwen atly bedewi gowşurdy

23:5006.06.2021
0
14759

6-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Milletiň Lideri Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, atşynaslarymyzyň behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde idedilýän Hanbeg, Serdar Berdimuhamedow bolsa, Şapolat atly bedewlerde çapuw ýodasynda gezim etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow atly gezelenjiň dowamynda eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri, ýurdumyzyň gündelik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň