Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli iri çäreleriň birnäçesi meýilleşdirilýär

13:0622.05.2021
0
5154

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Hökümetiň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň söwda toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, degişli iş meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy, oňa laýyklykda, sergini we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini geçirmek, halyçylary sylaglamak, bäsleşigiň jemini jemlemek we medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak göz öňünde tutulýar diýip habar berdi.

Mundan başga-da, Bäherdeniň çeper halyçylyk kärhanasynyň täze dolandyryş we önümçilik binalarynyň açylyş dabarasyny guramak meýilleşdirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Diýarymyzda halyçylaryň hünär baýramynyň bellenilýändigini aýtdy. Ajaýyp halylary dokaýan çeper elli halyçylarymyz bütin dünýäniň ykrarnamasyna eýe bolan nepis sungaty döredýärler. Ussatlygy, inçe zehini talap edýän we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu çylşyrymly hem-de örän hormatly hünäriň inçe syrlary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Özüniň kämilligi bilen haýran galdyrýan türkmen el halylarynyň bu gün dünýädäki şöhraty belende galýar. Milletiň Lideri türkmen el halylarynyň gözelligiň ajaýyp nusgasydygyny belledi we meýilleşdirilen ähli çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň