Gresiýa Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, ol ikitaraplaýyn söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň we maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmegiň täze ýollaryny öwrenmegi dowam etdirer. Bu barada Trend habarlar agentligi Gresiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
Habarda: « Energetika, gurluşyk, oba hojalyk we azyk harytlary, maglumatlar tehnologiýasy we dokma önümleri şeýle hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup biler ─ diýilýär. ─ Düzümleýin gurluşyklarda, energetikada we mineral ýaglary gaýtadan işlemekde nou-hau tehnologiýalaryna eýe bolan grek kompaniýalary türkmen kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.
Gresiýa Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär – diýip, Gresiýanyň DIM-nde nygtadylar. Şeýle-de daşary syýasat edarasynda: «Biz hakykatdanam ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga isleg bildirýäris»- diýdiler.
Türkmenistan Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi bilen nebit-gaz, dokma senagaty, oba hojalygy, gurluşyk, söwda-ykdysady we beýleki beýleki ugurlarda işjeň gatnaşyk edýär. ÝB bilen ikitaraplaýyn we köpugurly hyzmatdaşlyk – ýurduň daşary syýasy we daşary ykdysady gatnaşyklar strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.