Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altymyrat Annadurdyýew yklym ýaryşyndaky 20-nji pökgüsini geçirdi

16:0515.05.2021
0
1175

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary yklym ýaryşynyň şu möwsümindäki ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň «Hujandy» bilen deňme-deň (2:2) oýnady. Duşuşykda «aragatnaşykçylaryň» pökgüleriniň ikisini hem hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Onuň duşuşygyň 15-nji we 44-nji minutlarynda tapawutlanandygyny habar beripdik.

Şeýlelikde, Altymyrat Annadurdyýew AFK-nyň kubogynda geçiren pökgüleriniň sanyny 20-ä çykardy. Ol bu derejä ýetip bilen ilkinji türkmenistanly futbolçydyr. Yklym ýaryşynyň taryhynda tapawutlanan ildeşlerimiziň 42 adamlyk sanawynyň başyny çekýän hüjümçiniň bu babatda iň ýakyn bäsdeşi bu möwsüm «Şagadamda» çykyş etjek Myrat Ýagşyýewdir. Ol yklym ýaryşynda jemi 13 gezek tapawutlanypdy. Sanawyň üçünji ornunda bolsa «Altyn asyryň» we «Dordoýyň» (Gyrgyzystan) düzüminde çykyş eden ýyllarynda 8 gezek tapawutlanan Wahyt Orazsähedow bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň