Soňky habarlar

Arhiw

Berlen pul baýragynyň hasabyna 2020-nji ýylyň iň gowy etrabynda çagalar üçin seýilgäh gurlar

23:4812.03.2021
0
7485

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji martda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow milletiň Lideriniň garamagyna Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak baradaky teklibini hödürledi.

Taslamany maliýeleşdirmegi döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça bu etraba berlen pul baýragynyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 1,5 gektar meýdanda ýerleşjek seýilgäh toplumynda dolandyryş binasyny, garbanyşhana, dükan, awtoulag duralgasyny gurmak hem-de dürli görnüşli attraksion enjamlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, türkmen halkynyň ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn, bilimli we zehinli ýaşlary terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny, maşgala däplerini döredendigini belledi. Halkara kadalardan hem-de ynsanperwerlik däplerinden ugur alýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, okgunly ösýän Watanymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, seýilgähler, dynç alyş zolaklary gurulýar. Şeýlelikde, ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin dynç alyş seýilgähini gurmak barada hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň