Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze eser sahnalaşdyrylýar

11:5418.02.2021
0
1263

Daşoguzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda şu günler «Garry möjek hakynda» atly täze sahna eseri goýulýar ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazetinde ýazylýar. Täze eseri teatryň režissýory Guwanç Baýmedow sahnalaşdyrýar.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, täze sahna eseri erteki-spektakl bolup, çagalar we ýetginjekler, ýaş tomaşaçylar üçin niýetlenendir. Onuň edebi esasyny ýazan Aýmämmet Işangulyýewdir. Sahna eserindäki waka tokaýdaky jandarlaryň arasynda bolup geçýär. Ondaky keşpler arkaly adam häsiýetleri açylyp görkezilýär.

Sahna eserinde halypalar bilen birlikde, zehinli ýaş artistler hem keşp janlandyrýarlar. Bu olar üçin uly döredijilik mekdebi bolup hyzmat edýär. Baş gahryman garry möjegiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Pirnepes Hojamuhammedow janlandyrýar. Garganyň keşbini teatryň tejribeli artisti Narjan Hallakowa ýerine ýetirýär. Ýaş artistler Aýjahan Berdiýewa towşanjygyň, Şeýdabeg Saryýew aýynyň keşbinde çykyş edýär. Aýdym-sazly spektaklyň saz bezegini Mekan Nuryýew, sahna bezegini suratkeş Çingiz Töräýew ýerine ýetirýär.

Spektaklyň esasy öňe sürýän pikiri dostluk, agzybirlik bolup, birek-birege ýagşylyk etmegi, hemaýat bermegi ündeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň