Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi

23:4111.02.2021
0
16491

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenilip, ol ministriň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipede ozal işlän Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellenildi.

Baýmyrat Ilmyradowiç ANNAMÄMMEDOW 1984-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 2005-nji ýylda Türkmen politehniki institutyny tamamlady. Hünäri boýunça — inžener-mehanik.

2003-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2005-nji ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Awtomobil ulaglary we gara ýollary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag önümçilik birleşiginiň ulaglary dolandyryş bölüminiň ýol ugrukdyryjysy bolup işledi.

2005 — 2007-nji ýyllarda “Türkmenenergogurnama” ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň şahamçasynyň ussasy bolup zähmet çekdi.

2008 — 2010-njy ýyllar aralygynda “Aşgabatýolgurluşyk” trestiniň Düýpli gurluşyk müdirliginiň gurluşyk ussasy, iş öndürijisi bolup işledi.

2010 — 2015-nji ýyllar aralygynda dürli gümrükhanalarda Awtomobil ulaglary ministrliginiň “Türkmenulaggözegçilik” kärhanasynyň gözegçisi, baş gözegçisi bolup zähmet çekdi.

2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşiginiň baş inženeri.

2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşiginiň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, soňra baş direktor boldy.

2019-2020-nji ýyllarda senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary.

2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gurluşyk önümçiligi müdirliginiň başlygy, soňra ministriň orunbasary wezipelerinde işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň