Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 29-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriniň birinde ebedileşdirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy mynasybetli, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary bilen onlaýn-tertibinde birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda edebi okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu dabaralardan taýýarlanylan wideogörnüşler Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak dabaralarda görkeziler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmeginiň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmegine we umuman, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşanda öwrüljekdigini belläp, wise-premýere bu çäreleri hem-de şanly seneleriň hormatyna guraljak beýleki dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.