Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçiriljek gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak medalyň taslamasy tassyklanyldy

23:3828.01.2021
0
7246

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa alabaý itleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan ediljek alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmegi bilen baglylykda, ýeňijä gowşuryljak medalyň taýýarlanan şekil taslamalary hödürlenildi.

Şekil taslamalarda sekizburçlugyň içinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy aýlaw görnüşde ýerine ýetirilipdir we onuň aşagynda 2021 diýen ýyl ýazgysy ýerleşdirilipdir. Medalyň ýüz tarapyndaky bu görnüşleriň merkezini alabaýyň şekili bezeýär.

Medalyň arka tarapynda aýlaw görnüşde “Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy” diýen ýazgy bar. Onuň merkezinde bolsa Ýer togalagynyň şekiliniň ýüzünde türkmen alabaýynyň kellesi ― bu assosiasiýanyň nyşany ýerleşdirilipdir. Medal alajalar bilen berkidiler.

Şeýle hem toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, olara baha berjek emin agzalarynyň oturjak ýeriniň taslamalarynyň üstünde Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda işlenilişi barada habar berildi.

Milletiň Lideriniň görkezmelerinden ugur alnyp, taslamalar taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermek ileri tutulýar, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmegine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutany hödürlenen taslamalara, hususan-da, alabaý itleriniň bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasynyň taslamasyna käbir düzedişlerini girizip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milletiň Lideri «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini, ony has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň