Soňky habarlar

Arhiw

«Ýedi ganat» ýedi ýyldan bäri agaç önümçiligi bilen meşgullanýar

15:4311.01.2021
0
2537

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky se­na­gat zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän «Ýe­di ga­nat» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tiniň Güýç­my­rat Ber­di­li­ýew in­di 23 ýyl bä­ri neç­jar­çy­lyk bi­len meş­gul­lanýar. Ol 2014-nji ýyl­da ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ni dö­re­dip, agaç­dan me­bel­le­ri, pol, di­war üçin, şeý­le-de çyg­ly­ly­ga dur­nuk­ly ham­mam ör­tük­le­ri­ni,stol­dur otur­gyç­la­ry, aş­ha­na tag­ta­la­ry­ny ön­dü­rip baş­la­dy. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Olar, esa­san,müş­de­ri­ler­den gel­ýän bu­ýur­ma­lar esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýar. «Ýe­di ga­nat» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň aş­ha­na üçin önüm­le­ri­ne, şol san­da ulu­ly-ki­çi­li tagta­la­ry­na, agaç oka­ra­dyr ta­bak­la­ry­na ýur­du­my­zyň ka­fe­dir res­to­ran­la­ry uly is­leg bil­dir­ýär­ler.

Mu­nuň üçin kär­ha­na Tür­ki­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­syn­da en­jam­laş­dy­ryldy. Aga­jy iş­läp be­je­ri­ji, ti­mar­laý­jy en­jam­lar dür­li öl­çeg­dä­ki önüm­le­ri sün­nä­läp ýa­sa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Önüm­çi­lik­de dün­ýä­de iň berk, owa­dan ha­sap­lan­ýan agaç­lar, şol sanda ýerli agaçlar ula­nyl­ýar.

Is­len­dik önüm taý­ýar­la­ny­lan­da özü­ne la­ýyk agaç saý­lap alyn­ýar. Ola­ryň te­bi­gy reňk­le­ri, hal­ka­la­ry öz­bo­luş­ly na­gyş­lar ýa­ly, önü­me gel­şik ber­ýär. Şo­nuň üçin hem bir önüm beý­le­ki bi­ri­ne meň­ze­män, ýe­ke-täk özü­ne mah­sus aý­ra­tyn­ly­ga eýe bol­ýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň