Turkmenportal logo
11.01.21
30163016
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Muhammet-Balkan» gön önümleriniň görnüşlerini barha köpeldýär
«Muhammet-Balkan» gön önümleriniň görnüşlerini barha köpeldýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň iş ugurlarynyň biri-de aýakgap önümçiligidir. Bu hojalyk jemgyýeti arassa gönden öndürýän önümleriniň görnüşlerini köpeldip, müşderileriň söýgüsini gazanýar. Şu günler kärhanada her günde 400 — 500 jübüt aýakgap öndürilýär. Onuň «MB» hem-de «Meňli» haryt nyşanly önümleri ýurdumyzyň çar künjeginde 40-a golaý dükanda satylýar. Bular barada «Rysgal» gazeti habar berýär.


Häzirki günlerde bu kärhananyň aýakgaplaryny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin kärhananyň hünärmenleri onlaýn satuw görnüşinde buýurmalary kabul edip, müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda hem işleri alyp barýarlar. Bu ugurda ýokary netijeleri hem gazanýarlar. Indi alyjylaryň göwün islän aýakgabyny almak üçin dükanlara ýa-da uzak aralykdaky söwda merkezlerine gitmegiň hajaty ýok. Hojalyk jemgyýetiniň «www.mbgroup.tm.com» resmi internet saýtyna girip, aýakgaplar ýerleşdirilen bölüminiň hyzmatyndan peýdalanmak ýeterlik. Aýakgaplaryň önümçiliginde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Aksuw» hojalyk jemgyýetinde öndürilen gön ulanylýar. Gön kärhanasynda her günde 10 tonna ýa-da 550 sany iri şahly malyň derisini gaýtadan işlemäge mümkinçilik bar. Ortaça hasap bilen günde 48 müň ― 50 müň dm2 möçberinde gön önümleri taýýarlanylýar. Bir jübüt aýakgap öndürmek üçin 45 dm2 gön gerek bolýar.


«MB» erkek aýakgaplary yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Aýak­gap­la­ryň gör­nüş­le­ri­dir be­ze­gi pas­la gö­rä öz­gerdil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da aýak­gap­la­ryň gy­şa ni­ýet­le­nen ga­lyň, şol bir wagt­da-da ýe­ňil da­ban­lyk­ly­la­ry­na is­leg art­ýar.


Önüm­çi­lik Ita­li­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­synda ýo­la goý­lan.Önüm­çi­lik­de aýak­gap­la­ryň berk­li­gi bi­len bir­lik­de, daş­ky gör­nü­şi­niň döw­re­bap bol­ma­gy­na-da aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.


Zenan aýakgaplary we torbalary «Meň­li» ha­ryt nyşa­ny bi­len ön­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ola­ryň gör­nüş­le­ri has-da kö­pel­dil­di. «Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da toý­la­nyl­jak Hal­ka­ra zenan­lar gü­nü­ne çen­li ze­nan aýak­gap­la­ry­nyň tä­ze 10-dan gow­rak gör­nü­şi­ni ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.


Ne­pis hem sün­nä­li ti­ki­liş usul­la­ry­dyr me­tal be­zeg­le­ri ze­nan tor­ba­la­ry­na aý­ra­tyn be­zeg ber­ýär.


Çagalar üçin gyş aýakgaplary do­wam ed­ýän gyş pas­lyn­da og­lan­jyk­la­ryň hem-de gyz­ja­gaz­la­ryň aýak­la­rynyň ýy­ly, ra­hat bol­ma­gy üçin döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­dy. Ola­ryň be­ze­gin­de Ita­li­ýa­nyň di­zaý­ner­le­ri­niň iş usu­lyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ýa­kyn­da ýaz pas­lyn­da geý­mek üçin ça­ga aýak­gap­la­ry­nyň önüm­çi­li­gine-de gi­ri­şi­ler.


Ýantorbalar okuw­çy­lar­dyr ta­lyp­lar üçin ön­dü­ril­ýär. Ola­ryň ki­tap-dep­der­le­ri­, baş­ga-da bir­nä­çe okuw es­bapla­ry sal­mak üçin ýö­ri­te göz­le­ri bo­lup, gün­de­lik ulan­ma­ga amat­ly­dyr. Ýan­tor­ba­lar hem müş­de­ri­le­riň is­leg­le­ri­ne görä, dür­li reňk­ler­de ön­dü­ril­ýär. Bu önüm­le­riň aýak­gap­lar, gap­jyk­lar we beý­le­ki gön önüm­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ― bi­ri-bi­ri­ne meň­zeş be­zeg­li gör­nüş­le­ri­niň bol­ma­gy, aly­jy­la­ryň ün­sü­ni has-da özüne çek­ýär.


Gapjyklar we resminama daşlary müş­de­ri­le­riň uly is­leg bil­dir­ýän önüm­le­ri­dir. Olar ýu­ka, berk de­ri­den ön­dü­ri­lip, ýa­nyň­da gö­ter­mek, gün­de­lik ulan­mak üçin amat­ly­dyr. Gön gap­jyk­la­ryň ulu­ly-ki­çi­li, dür­li reňk­li we owa­dan be­zeg­li gör­nüş­le­ri bar. De­ri­niň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry esa­syn­da gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de, bu önüm­le­riň dür­li na­gyş­ly, has ýum­şak hem amat­ly gör­nüş­le­ri taý­ýarla­nyl­ýar.