Ýakynda podpolkownik Şyhmyrat Öräýewiň serkerdelik edýän garnizonynda 2020-nji ýylyň meýilnamasy esasynda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň psihologlarynyň arasynda olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we psihologiýa işini guramakda tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, «Ýylyň harby psihology» atly bäsleşik geçirildi ― diýip, «Esger» gazeti habar berýär.
Harby psihologlar jemi 5 şert boýunça bäsleşip, olar şahsy düzümiň arasynda ýokary ruhy durnuklylygy saklamak, psihologiýa işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwrebap iş tejribelerini ýaýratmak we hünär ussatlygy boýunça çykyş etdiler.
Netijede, Çagry beg adyndaky harby bölümiň psihology, kapitan Sona Joraýewa 1-nji, welaýatyň raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň şäher halas ediş toparynyň psihology, kapitan Maral Meňliýewa 2-nji, Territorial goranyş goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky harby bölümiň psihology, maýor Dürligözel Burkazowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

