Soňky habarlar

Arhiw

ÝTÖB türkmen telekeçilerine maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny dowam eder

14:1617.12.2020
0
7112

Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Tükmenoglu bilen geçirilen onlaýn duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, Merkezi bankynyň hem-de Daşary ykdysady bankynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ÝTÖB-niň Iş meýilnamasyny ýa-da “ýol kartasyny” işläp düzmek baradaky teklibi aýtdylar. Onda hyzmatdaşlygyň ugurlary hem-de garaşylýan netijeler belleniler.
Öz gezeginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga hem kanagatlanma bildirdi, şonuň netijesinde TSTB-niň kiçi we orta telekeçiligiň taslamalarynyň birnäçesi maliýeleşdirildi. Şunuň bilen birlikde, ol ÝTÖB-niň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen işlemegi dowam edip, maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlary arkaly telekeçiligiň ösmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň