Turkmenportal logo
01.12.20
70617061
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Şagadamy» uly hasap bilen ýeňen «Köpetdag» finala has ýakyn geldi
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Şagadamy» uly hasap bilen ýeňen «Köpetdag» finala has ýakyn geldi

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda «Köpetdag» «Şagadamy» uly hasap bilen ýeňdi. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň ― «Köpetdagyň» 6:1 hasabyndaky ýeňşi biilen tamamlandy.


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynda Döwletmyrat Seýitmuhammedow het-trik etdi, Yhlas Saparmämmedow bolsa iki gezek tapawutlandy. Ýer eýeleriniň altynjy pökgüsini Şiri Annaýew geçirdi. «Şagadam» bu gollara diňe Hemra Amanmämmedowyň geçiren ýeke-täk pökgüsi bilen jogap berip bildi.


«Şagadamyň» derwezeçisi Nikita Gorbunowyň eýýäm 3-nji minutda oýundan çykarylmagy duşuşygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Oýundan soň «Şagadamdan» ikinji futbolçy ― Merdan Gurbanow hem gyzyl kart gördi.


Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 5-nji dekabrda geçiriler.


“Köpetdag” – “Şagadam” – 6:1


Gollar: 12, 81 Yhlas Saparmämmedow, 20, 57, 65 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 89 Şiri Annaýew – 26 Hemra Amanmämmedow.


Duýduryşlar: 42 Batyrgylyç Berdiýew – 17 Döwletgeldi Mirsultanow, 45+1 Sergeý Kuznesow, 66 Daýanç Orazgulyýew.


Meýdandan çykarylanlar: 3 Nikita Gorbunow, Merdan Gurbanow, oýundan soň (“Şagadam”)


Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)


Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)


Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)


Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)


Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).