Soňky habarlar

Arhiw

«Sinalco» Täze ýylyň öňýanynda baýrakly aksiýa taýýarlaýar

17:1830.11.2020
0
24091

Gazly alkogolsyz içgiler öndürýän «MAHMAL ZIP» kompaniýasy Täze ýyl mynasybetli baýrakly aksiýa geçirýär. Baýrakly aksiýa 7-nji dekabrda başlaýar we indiki ýylyň 3-nji ýanwarynda tamamlanýar.

Ýaryşa gatnaşmaklyk üçin islendik «Sinalco» markaly içgilerden üç sany gyzyl gapak ýygnap, skretç  karta çalyşmaly bolarsyňyz. Ondan soň, skretç  kartdaky degişli gorag gatlagyny bozup, dürli baýraklara eýe bolup bilersiňiz.

Umuman alanyňda, ýaryşa 30 müňden gowrak baýrak çykarylýar.  «Sinalco»  içgilerinden, futbolkalardan, depderçelerden we markanyň nyşany bolan beýleki zerur ownuk önümlerden başlap telewizorlar, kir ýuwýan maşynlar we beýleki enjamlar baýrak hökmünde çykarylýar.

Skretç  kartlaryny «Sinalco» önümleriniň satylýan islendik ýerinde satyn alyp bolýar. Kartyňyz bilen ýaryşda ýeňiş gazanan ýagdaýyňyzda, baýragyňyzy almaklyk üçin ýörite nokatlara ýüz tutup bilersiňiz (ýaryş üçin ýörite nokatlaryň jemi on ýedi sanysy açylmagy meýilleşdirilýär).

Mundan başga-da, «Sinalco»  Täze ýyl temasy bilen güýmenje mobil programmasyny hödürledi. Olary Play Market bilen Appstore-dan ýükläp alyp bolýar. Bu programma esasanam çagalar üçin gyzykly bolar.

Ýaryş barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň