Arhiw

“SpaceX” bir raketany ýedinji gezek uçurdy

15:0726.11.2020
0
1379

“SpaceX” kompaniýasy dünýäniň äli ýerini internet aragatnaşyk tory bilen üpjün etmek maksady bilen ýola goýan “Starlink” taslamasynyň çäklerinde nobatdaky uçuşyny amala aşyrdy. Adatça, bir gezek ulanylýan raketalary we kosmos gämilerini birden köp ulanmak arkaly olaryň bahasyny azaldýan kompaniýa soňky uçyşynda ýene bir rekord goýdy. Nobatdaky uçuşda 60 emeli hemra kosmosa çykaryldy. Bu uçuş ozal alty gezek ulanylan “Falcon 9” raketasy arkaly amala aşyryldy. Uçuşyň şowly tamamlanandygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň