Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda milli keçe sungaty boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

16:4218.11.2020
0
9982

Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda milli haly we keçe önümlerini taýýarlamak üçin zenanlaryň arasyndaky bäsleşigiň soňky tapgyry geçirildi. Bäsleşik, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi bilen bilelikde gurnaldy.

Guramaçylar, “Türkmenportal”-a bäsleşigiň esasy maksadynyň, geljekki nesillere özboluşly önümçilik usullaryny, şeýle hem türkmen öýüniň bezegi bolan milligi we ajaýyp nagyşlary bilen taýýarlanylýan türkmen keçesini zähmetsöýer zenanlarymyz tarapyndan ýaş nesile ýetirmekdigini aýtdy.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynyň ýeňijileri hem bu çärä gatnaşdylar. Birinji tapgyra gatnaşyjylar keçe taýýarlamak (ýüň saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak we ş.m.) ýerine ýetirip görkezmeli we keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlaryny şeýle-de olaryň ulanylyşy barada gürrüň bermeli boldular.

Mundan başga-da, senetçiler ýurduň her sebitine mahsus aýratynlyklary bolan bezeg bilen bezemek sungatyny görkezmeli boldular. Bular: “Ak tüýnük”, ”Gyzyl tüýnük”, “Gözenek”, “Saýlan”, “Gülýaýdy”, “Sekiz goçak”, “Gelinbarmak”, “Gapyrga”, “Öküz oňurga”, “Gonjuk”, ”Hindi goçak”, ”Içýanagzy”, “Tazy guýruk”, “Saýlap”, “Barmak” we başgalar.

Gadymdan gelýän milli däplere laýyklykda aýallaryň köpçülikleýin işiniň aýrylmaz bir bölegi aýdym-saz, degişme, jedeller, ertekiler bolup, keçeler taýýarlanylanda şol ýerde düzülipdir we ýerine ýetirilipdir. Şonuň üçin ýaryşyň üçünji tapgyrynda, keçe sungatynyň taryhy, gadymy rowaýatlar, gülkünç hekaýalar, milli aýdymlara gatnaşyjylaryň çykyşlary, keçe hakdaky goşgulary ýerine ýetirmek bar.

Bäsleşigiň netijesinde baş baýrak Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara berildi, 1-nji ýeri Ahal we Balkan welaýatlaryndan gatnaşyjylara, 2-nji ýer Mary we Lebap welaýatlaryndan gatnaşan senetkärlere berildi, 3-nji ýer bolsa Daşoguzda welaýatyndan gatnaşan zenanlara berildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşinden minnetdarlyk hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň sowgatlary bilen sylaglandy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň