«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň soňa süýşürilen duşuşygynda «Merwi» 3:1 hasabynda ýeňdi.
Şeýlelikde, kümüş medaly eýýäm 25-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gazanan «Ahal» utugyny 52-ä çykaryp, şu möwsümde 50 utuklyk sepgide ýetip bilen ikinji topar boldy. «Merw» bolsa 24 utuk bilen altynjy basgançakda galdy.
“Ahal” – “Merw” – 3:1
Gollar: 48 Guwanç Abylow, 56 Murat Ýakşiýew, 67 Pirmyrat Sultanow – 90+4 Şaweli Seýitgulyýew.
Duýduryşlar: 30 Mirza Beknazarow – 35 Daýanç Durdyýew.
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.).