Angliýada täze görnüşli Covid-19 epidemiýasy sebäpli karantin çäklendirmeleri ikinji gezek tutuş ýurt boýunça yglan edildi.
Angliýanyň premýer-ministr Boris Jonson metbugat ýygnagynda çykyş edip, karantin çäklendirmeleriniň akyl saglygyna we ykdysadyýete diýseň ýiti täsir edýändigini bilýändigini aýtdy. Ýöne, COVID-19 ýokanç keseliniň çak edilişinden has çalt ýaýrandygyny dile getiren Jonson, çäre görülmese ýagdaýyň has erbetleşjekdigini duýdurdy. Hut şu nukdaýnazardan-da, ol 5-nji noýabr, penşenbe gününden başlap 4 hepdelik karantin çäklendirmelerini girizmeklik kararyny gelendiklerini habar berdi.
Metbugat ýygnagynda Karantin çäklendirmelerini 2-nji dekabra çenli dowam etdirmäge çagyran Jonson: “Öýde galyň. Milli saglyk gullugyny goraň. Adamlary halas ediň.” – diýdi.
Karantin çäklendirmelerinde esasy önümler satylýan bazarlardan we dermanhanalardan başga ähli bölek satuw dükanlary ýapylar. Barlar we restoranlar diňe alyp gitmegi teklip eder. Mart aýynda geçirilen ilkinji karantinden tapawutlylykda mekdepler we uniwersitetler açyk bolmagyny dowam etdirerler. Adamlara diňe bilim, iş, azyk söwdasy we maşk ýaly belli sebäplere görä öýlerinden çykmaga rugsat berler. Öý hojalygynyň dürli agzalary bir ýere jemlenip bilmezler.
Angliýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýanyna görä, soňky 24 sagatda 21 müň 915 sany koronowirusa ýolugan adam ýüze çykaryldy, umumy kesel 1 million 11 müň 660-a ýetdi. Jan howpy bolsa 326 san artyp, 46,555-e ýetdi.
Öň sebitleýin karantin syýasatyny alyp baran Angliýa epidemiýanyň derejesine baglylykda "orta", "ýokary" we "gaty ýokary" diýen derejelerde 3 basgançakly meýilnamany ulandy.
Birinji etap, ýapyk ýa-da açyk meýdançalarda 6 adam bilen ýygnaklary çäklendirmeklik, ýerli wagt bilen sagat 22:00-da barlary we restoranlary ýapmaklyk bilen baglanyşyklydyr.
Ikinji etapda, öý hojalygynyň dürli agzalaryna çäklendirme girizilen ýerlerde duşuşmak gadagan edildi, üçünji etapda bu çärelere goşmaça barlaryň we restoranlaryň ýapylmagy göz öňünde tutuldy.
Angliýa mart aýynda hem karantin çäklendirmelerini girizdi we çäreler iýul aýynda kem-kemden aýryldy.