Soňky habarlar

Arhiw

“Ýuwentusa” 3 tapgyrdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok

15:5026.10.2020
0
677

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da “Ýuwentus” toparyna 3 tapgyryndan bäri ýeňiş gazanmak başardanok. Öz meýdançasynda “Hellas Werona” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Ýuwentus” Ronaldosyz 2-nji gezek ýeňiş gazanyp bilmedi. Oýnuň 1-nji ýarymy golsuz geçip, Moratanyň soňky minutlarda geçiren goly VAR-yň kömegi bilen ofsaýt diýlip hasaba alyndy. 2-nji ýarymda, 60-njy minutda Andrea Fawilliniň goly bilen myhmanlar öňe saýlandy. Bu gola “Ýuwentus” 11 minutdan soň, Deýan Kulewskiniň goly bilen jogap berdi. Şeýlelikde, “Ýuwentus” 1 aýdan gowrak wagt bäri “Serie A”-da oýnan duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilenok. Soňky gezek 20-nji sentýabrda “Sampdoriany” 3-0 ýeňen “Ýuwentus” “Roma” bilen 2-2, “Krotone” we “Hellas Werona” bilenem 1-1 deňme-deň oýnady. “Roma” duşuşygyndan soň, oýnalmaly “Napoli” duşuşygy-da myhman toparyň kowid 19 sebäpli Turine gelip bilmändigine garamazdan, “Serie A”-nyň ýolbaşçylary “Ýuwentusa” tehniki 3-0 ýeňşini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň