Turkmenportal logo
14.09.20
2620626206
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň Oguzhan köçesinde täze dokma önümleri dükany açyldy

Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 3-nji jaýynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň täze dükany açyldy.


Ministrligiň hünärmenleriniň «Turkmenportala» habar berşi ýaly, bu ýerde aşakdaky brendleriň dokma önümleri satylýar:


  • "Nusaý"; 
  • "Gala';
  • “Bürgüt”;
  • "TG Aýakgap";
  • “Altyn asyr”.

Bu ýerde alyjylara erkekler, zenanlar we çagalar üçin lybaslaryň, aýakgaplaryň, matalaryň we beýleki önümleriň köp sanly görnüşleri hödürlenilýär.


Täze dükan «Dokmahyzmat» kärhanasynyň binýadynda açyldy.