Turkmenportal logo
02.09.20
1314413144
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň metjitlerindäki çäklendirmeler 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy
Türkmenistanyň metjitlerindäki çäklendirmeler 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy

Türkmenistanda metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmegini, zyýarathanalarda sadaka bermegini, zyýarat etmegini çäklendirme möhleti uzadyldy. Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň 13.07.2020 senede çykaran № 42 Ö buýrugy esasynda 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli uzaldylandygy mälim edildi.


Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 26.08.2020-nji senesinde geçiren mejlisiniň teswirnamasyndaky kararlary ýerine ýetirmek maksady bilen şeýle buýrugy çykarandygy bellenilip geçildi. Bu barada Türkmenistanyň Müftüliginiň buýrugynda bellenilýär.


Türkmenistanyň Müftüligi tarapyndan ozal 13.07.2020-31.08.2020 seneler aralygynda dowam eden çäklendirme möhleti girizlipdi.