Turkmenportal logo
26.08.20
10101010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Marydaky kärhanada 200 görnüşli ätiýaçlyk şaýy öndürilýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary önümçilik bejeriş-üpjünçilik kärhanasy pagta arassalaýjy önümçilik düzümlerinde bejergi we gurnama işlerini geçirmek üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýär — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Häzirki döwürde kärhana boýunça ätiýaçlyk şaýlaryň 200-den gowrak görnüşi öndürilip, ýokary hilli bejeriş-abatlaýyş we gurnama işleri geçirildi. Şu ýylyň geçen 7 aýynda kärhana boýunça amal edilen işler 3 million 731 müň 670 manada deň boldy. Bu görkeziji geçen 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 116 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.